Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystana radioaktiw kömrüň getirilmegine ýol berenler jogapkärçilige çekiler


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň hökümeti Gazagystandan bu ýurda ilatyň saglygy üçin howply radioaktiw kömrüň getirilmegine ýol beren resmileriň jogapkärçilige çekiljekdiklerini mälim etdi.

Penşenbe güni bu barada eden çykyşynda Gyrgyzystanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Kubatbek Boronow bu ýurda getirilen 990 tonna kömrüň yzyna, ýagny Gazagystana ugradyljakdygyny aýtdy.

Gazagystandan satyn alnan kömürde howpy radioktiw elementleriň bardygy barada peýda bolan maglumat Gyrgyzystanyň ilatynyň arasynda uly alada döretdi.

Ýurduň käbir oppozisiýa aktiwistleri bu kömür söwdasynyň amala aşyrylmagynda premýer-ministr Ömürbek Babanowy aýyplap çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG