Sepleriň elýeterliligi

Palestinada BMG-niň Baş sekretarynyň saparyna protest bildirildi


Penşenbe güni Palestinanyň Gaza Sektorynda protestçiler BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň ulag kerwenine öz köwüşlerini zyňyp, onuň saparyna protest bildirdiler.

Bu waka Pan Gi Munuň ýerli palestinliler bilen duşuşmak üçin Gaza Sektoryna baran wagty ýüz berdi.

Palestinli protestçileriň Ysraýylda tussaglykda saklanýan palestinlileriň hukuklaryny goramakda dünýä liderleriniň zerur çäreleri görmeýändigine öz gahar-gazaplaryny bildirendikleri habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ysraýylyň premýer-ministrini Palestinanyň Gaza Sektorynyň daşyndaky izolýasiýany gowşatmaklyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG