Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň premýer-ministrine aýyplama bildirilmegi mümkin


Penşenbe güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilanä suduň kararyny ýerine ýetirmezlikde aýyplama bildirilmeginiň mümkindigini mälim etdi.

Sud Ýusuf Reza Gilanini Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardarä korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýat işiniň gozgalmagyna päsgelçilik berenlikde soraga çekdi.

Ýokary suduň sudýasy Nasir ul-Mülk premýer-mininstr Gilaniniň bu iş bilen baglanyşykly 13-nji fewralda nobatdaky sud diňlenişigine çagyryljakdygyny aýtdy.

Premýer-mininstr Gilani bu işde günäli tapylan halatynda, oňa alty aý türme tussaglygyna höküm edilmek we wezipesinden çetleşdirilmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG