Sepleriň elýeterliligi

Putin ABŞ-NATO raketa galkanynyň Orsýete gönükdirilendigini aýdýar


Putin bu raketa galkanynyň “Ural topraklaryna çenli territoriýany, Orsýetiň gury ýer ýadro güýçleriniň ýerleşýän ýerlerini hem öz içine alýandygyny” aýtdy.

Putin bu raketa galkanynyň “Ural topraklaryna çenli territoriýany, Orsýetiň gury ýer ýadro güýçleriniň ýerleşýän ýerlerini hem öz içine alýandygyny” aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin penşenbe güni rus telewideniýesiniň Birinji kanalyndaky “Sowuk syýasat” gepleşiginde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň we NATO ýaranlarynyň Ýewropada ýerleşdirýän raketa garşy sistemasynyň, şübhesiz, Orsýetiň ýadro raketa başarnygyny neýtrallaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Putin bu raketa galkanynyň “Ural topraklaryna çenli territoriýany, Orsýetiň gury ýer ýadro güýçleriniň ýerleşýän ýerlerini hem öz içine alýandygyny” aýtdy.

Ol “şu günki gün ne Eýrandan, ne-de Demirgazyk Koreýadan howp bar” diýdi we NATO-nyň raketa garşy sistemanyň Orsýeti nyşana almaýandygy barada hatda ýazmaça hem hiç bir kepillik teklip etmeýändigini aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministri Ýewropada raketa garşy galkan sistemasyny ýerleşdirmegiň inisiatorynyň Birleşen Ştatlardygyny aýtdy we taryhda ýadro ýaragyny ulanan ýeke-täk ýurduň Amerikadygyny, ol ýaragyň 1945-nji ýylda ýadro ýaragsyz Ýaponiýa garşy ulanylandygyny ýatlatdy.

“Biz näme etmeli, muny hakydamyzdan süpürip aýyrmalymy?” diýip, Putin sorady we soňundan “Biz hemişe öz serhetlerimizde peýda bolan howpa gaýtargy bereris” diýdi.

Putin öz beýanatyny delillendirip, Orsýetiň Birleşen Ştatlardan başga “ýadro triadasy”, gury ýer, deňiz we howa ýadro güýçleri bolan ýeke-täk ýurtdugyny nygtady.

Putin Orsýetiň “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki partnýorlarynyň” käbir ýurtlarda köpçülikleýin gyrgyn ýaraglarynyň bardygyny delillendirip, ol ýurtlara goşuna salmaga ýa-da ol ýurtlardaky hökümetleri çalşyrmaga çagyrýandyklaryny belledi. Ol özüniň bu partnýorlaryň çyn ýürekliligine şübhesiniň bardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Meniňçe, biziň partnýorlarymyz ýaran islemeýär, olar wassal isleýär” diýip, Putin aýtdy. “Olar dolandyrmak isleýär, emma Orsýet beýle usulda işlemeýär” diýip, Putin öz pikirini jemledi.

Putin hemişe kuwwatly, dünýä wakalarynda easasy rol oýnaýan Orsýeti ileri sürýän dogumly lider adyny gazandy. Ol NATO-nyň raketa garşy gorag sistemasyny Orsýetde geçjek prezident saýlawlaryna bir aý wagt galanda tankytlady. 2008-nji ýyldan bäri Orsýetiň premýer-ministri bolup işleýän Putin bu saýlawlarda ýurduň iň ýokary wezipesine dolanyp gelmäge synanýar. Ol premýer-ministrlikden öň, hersi dört ýyldan, Orsýetiň iki möhlet prezidenti boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG