Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde IIM-niň binasynyň golaýynda protest geçirildi


Kairde Müsüriň polisiýasy Içeri işler ministrliginiň binasyna ýöriş geçiren protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy ulandy. Mundan öňinçä, ýurduň taryhyndaky iň ýowuz futbol çaknyşygy bolupdy.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, müňlerçe adam ýurduň başyndaky Harby geňeşe garşy şygarlary gygyryp, ministrligiň binasynyň golaýyndaky köçelere çykypdyrlar.

Polisiýa ýollary böwetläp, protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy. Protestçiler bolsa polisiýany daşlady.

Wakalarda ýaralananlar ýa-da heläk bolanlar barada entek maglumat gowşanok.

Çarşenbe güni Port Said şäherinde geçirilen futbol ýaryşyndan soň, gazaplylyk ýüze çykypdy. Wakada azyndan 74 adam öldi, müňe golaýy hem ýaralandy.

Kairde geçirilen protestlerde adamlar howpsuzlyk güýçlerini futbol oýnundan soň dörän gazaplylygyň öňüni alyp bilmändikleri üçin aýypladylar.
XS
SM
MD
LG