Orsýetiň iňlis dilinde efire berilýän “Russia Today” telekanalynda Walter Litwiýenko, ýagny Aleksandr Litwiýenkonyň kakasy bilen geçirilen interwýu görkezildi.
Aleksandr Litwiýenkonyň 2006-njy ýylda Londonda zäherlenip öldürilmegi Orýset bilen Britaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynda dartgynlylyk döredipdi.
Walter Litwiýenko interwýunyň dowamynda mundan öň Putini we Orsýetiň FSB gullugyny öz ogluny öldürenlikde aýyplany üçin ötünç sorady.
— Wladimir Wladimirowiç Putin, eger-de siz bu gepleşige seredýän bolsaňyz, onda meniň siz hakda ýazan ähli töhmetlerim, siz barada ýazan ýalanlarym, size bolan ýigrenjim üçin meni, gaýrat edip, bagyşlaň.
Walter Litwiýenko bu interwýuny özüniň Italiýadaky öýünden berdi.