Sepleriň elýeterliligi

Türk generalyna ömürlik türme tussaglygynyň berilmegi soralýar


Türkiýede prokuratura ýurduň ozalky armiýa ýolbaşçysyna, hökümeti agdarmak synanyşygy boýunça bildirilýän aýyplamalaryň esasynda, ömürlik türme tussaglygynyň berilmegini sorady. Bu barada Türkiýäniň metbugaty habar berýär.

General Ilker Başbuga “hökümeti güýç bilen agdarmak synanyşygy boýunça” aýyplama bildirilýär. 68 ýaşly Başbug ýanwar aýynda tussag astyna alnypdy. Ol 2008-2010-njy ýyllar aralygynda Türkiýäniň armiýasynyň ýolbaşçysy bolupdy.

Indi Stambulyň sudy prokuroryň bildiren aýyplamasyny nazara alyp, sud işini başlatmak baradaky karary iki hepdäniň dowamynda belli etmeli.
XS
SM
MD
LG