Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň resmisi milletçiligiň artýandygyny aýdýar


Ýewropa Geňeşiniň adam hukuklary boýunça komissarynyň sözlerine görä, häzirki dowam edýän maliýe çökgünligi sebäpli soňky döwürde Ýewropada milletçilik we ksenafobiýa ýaly meýiller artyp başlapdyr.

Bu barada Tomas Hammarberg penşenbe güni düýbi Wenada ýerleşýän ÝHHG-niň Hemişelik geňeşinde çykyş etdi.

Hammarbergiň aýtmagyna görä, býujet boýunça amala aşyrylýan tygşytlaýyş çäreleri adamlaryň sosial üpjünçiligine zeper ýetirýär, şeýle-de bu käbir toparalara wehim salýar.
XS
SM
MD
LG