Sepleriň elýeterliligi

Belarus synçylary türkmen saýlawlaryna gözegçilik ederler


Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Lozowik

Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Lozowik

12-nji fewralda Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynyň azat we adalatly geçirilmegine Belarusyň synçylary syn ederler. Belarus Respublikasynyň synçylar toparyna Merkezi saýlaw komissiýasynyň we parlamentiň resmilerinden jemi üç adam girýär. Olaryň biri, Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Lozowik Belarus synçylarynyň Türkmenistanda alyp barjak işleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Belarus synçylarynyň Türkmenistanyň saýlawlaryna syn etmek işi nähili esasda amala aşyrylar? Siz gözegçiligi ýurduňyzyň islegi boýunça amala aşyrmakçymy ýa-da türkmen tarapynyň çakylygy boýunça?

Nikolaý Lozowik: Bu ýerde iş saýlawlary geçirýän ýurduň adaty düzgünlere laýyklykda eden çakylygy esasynda alnyp barylýar. GDA-nyň ähli ýurtlaryndaky saýlawlara, adatça, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň gözegçiler missiýasy syn edýär. Hut şeýle düzgünler Türkmenistandaky saýlawlarda hem berjaý ediler.

Häzir Türkmenistanda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň uzak möhletleýin iş alyp barýan synçylary işleýärler. Olar ýurduň kanunlaryny öwrenýärler, saýlawlardan öňki çäreleriň gidişine syn edýärler. Missiýanyň esasy bölegini emele getirýän gysga möhletli synçylar bolsa Türkmenistana saýlaw güni bararlar. Şol sanda Belarusyň wekilleri-de. Biz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan çagyryldyk.

Azatlyk Radiosy: Onda Siz Türkmenistandaky saýlawlara GDA-nyň gözegçiler missiýasynyň akkreditasiýa edilen 62 adamdan ybarat toparyna girýärsiňiz, şeýlemi?

Nikolaý Lozowik: Bizem bu sana girýändiris diýip pikir edýärin. Sebäbi biz akkreditasiýa üçin dokumentlerimizi bireýýäm tabşyrypdyk.

Azatlyk Radiosy: Missiýanyň düzüminde uzak möhletli we gysga möhletli synçylaryň boljagyny aýtdyňyz. Olaryň arasynda nähili tapawut bar?

Nikolaý Lozowik: Olaryň ählisiniň statusy bir bolar, ýagny halkara synçylarynyň statusy. Olaryň arasyndaky tapawut barada aýdylanda, uzak möhletleýin gözegçilik bilermenleriň uly bolmadyk topary tarapyndan amala aşyrylýar. Olar saýlawlary geçirýän ýurda ses berişlikden öň baryp, birinji günden başlap, saýlaw kampaniýasynda ses berişligiň ahyrky netijelerine çenli yzygiderli syn edýärler. Käbir ýurtlarda şeýle synçylar saýlawlardan birki aý öň barýarlar. Gysga möhletli gözegçiler bolsa köplenç saýlaw güni barýarlar. Meselem, biz anna güni bararys, şeýlelikde şenbe güni Merkezi saýlaw komissiýasynyň we uçastoklardaky komissiýalaryň işi bilen tanyşmaga, şeýle-de ýurduň kanunlaryny has jikme-jik öwrenmäge wagtymyz bolar.

Azatlyk Radiosy: Gözegçileriň öňünde nähili maksat goýulýar?

Nikolaý Lozowik: Biziň esasy maksadymyz saýlaw uçastoklarynyň özünde bolup, saýlawlaryň gidişine we ses sanalyşyna syn etmekden ybarat. Biz toplan maglumatlarymyzy birleşdireris we GDA-nyň missiýasynyň düzümine girýän milli koordinatorlaryň maslahatynda umumylaşdyryp, bütewi bir netije çykararys. Biz muňa ýurtda geçirilen saýlawlar boýunça jemleýji beýannama diýýäris.

Azatlyk Radiosy: Belarus synçylarynyň resmi topary Türkmenistanda näme etmekçi?

Nikolaý Lozowik: Belarus tarapyndan Türkmenistana üç resmi wekil barar, Merkezi Saýlaw komissiýasyndan men we komissiýanyň agzasy Şýurok Iwan Antonowiç, parlamentden Ýurgelewiç Galina Nikolaýýewna. Biziň esasy maksadymyz ähli saýlaw düzgünleriniň berjaý edilişine syn etmek, saýlaw uçastoklaryna baryp görmek we saýlaw kanunlarynyň iş ýüzünde berjaý edilişine syn etmek. Iň soňunda biz öz pikirlerimizi saýlawlaryň geçirilişi boýunça GDA-nyň missiýasynyň jemleýji beýannamasynda mälim ederis.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG