Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy premýer-ministre günä bildirmekçi


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari (çepde) we premýer-ministri Yusuf Raza Gilani Yslamabatda, 2012-nji ýylyň 16-njy ýanwary.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari (çepde) we premýer-ministri Yusuf Raza Gilani Yslamabatda, 2012-nji ýylyň 16-njy ýanwary.

Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Ýusuf Raza Gilanä günä bildirmekçidigini yglan etdi. Gilani korrupsiýa bilen bagly prezident Asif Ali Zardarä garşy iş gozgamakdan boýun gaçyrmakda we netijede sudy äsgermezçilik etmekde aýyplanýar.

Hepdäniň penşenbe güni kazy Nasir ul-Mulk Ýusuf Raza Ýokary suda Gilanä garşy jenaýat işini gozgamak üçin esaslaryň bardygyny aýtdy.

Pakistanyň hökümeti ýurduň prezidenti Asif Ali Zardariniň korrupsiýa dahyllylygy boýunça köne işi gozgamakdan boýun gaçyrýar we muny Konstitusiýada döwlet baştutanynyň eldegrilmesizliginiň kepillendirilýänligi bilen düşündirýär.

Kazy Nasyr ul-Mulkuň aýtmagyna görä, Gilani 13-nji fewralda boljak sud diňlenişigine gatnaşmaly.

Gilanä näme garaşýar?

Eger Gilani sudy äsgermezlikde günäli hasaplansa, ol 6 aý türme tussaglygyna höküm edilip, döwlet wezipesini eýelemek hukugyndan mahrum edilip bilner. Bu ýagdaý Pakistanda saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine zerurlyk döreder.

Emma Gilaniniň aklawçysy Aitzaz Ahsan suduň kararyny ýatyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýdýar. Aklawçynyň sözlerine görä, Gilaniniň wezipesinden çetleşdirilmegi ýörite parlament proseduralaryny hem talap edýär:

—Konstitusiýa laýyklykda, ol günäli hasaplanandan soň hem premýer-ministr wezipesinde galýar. Ony bu wezipesinden çetleşdirmek üçin ýeke-täk ýol – Konstitusiýanyň 63-nji maddasynyň ikinji bölümine esaslanýar. Diňe parlamentiň spikeri onuň ygtyýaryny ýatyrmak meselesini gozgap bilýär.

Geçen ýylyň maý aýynda amerikan goşunlary Pakistanda “Al–Kaýdanyň” lideri Osama bin Ladeni öldürensoň Gilani bilen Zardariniň Pakistanyň täsirli harby elitasy bilen aragatnaşyklary hasam ýaramazlaşdy.

Pakistanyň premýer-ministri 19-njy ýanwarda ýurduň Baş suduna baryp, Zardariniň işi boýunça suduň talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmagynyň sebäbini düşündirmäge çalyşdy. Pakistanyň Ýokary sudy Gilaniden onuň Şweýsariýa ýüz tutup, Zardarä garşy 1990-njy ýyllarda korrupsiýa bilen bagly gozgalan işleri gaýtadan gozgamagy soramagy talap edýär.

Käbir analitikler Pakistanyň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylarynyň Zardariniň we Gilaniniň häkimiýet başyndan çekilmegini isleýänligini aýdýarlar.

Zardariniň işi

Zardariniň 1990 -1993-nji, 1996 -2004-nji ýyllar aralygynda tussag edilmegine sebäp bolan korrupsion işler onuň syýasy karýerasynyň dowamynda ençeme sapar gozgaldy.

1993-1996-njy ýyllar aralygynda Zardari öz aýaly Benazir Bhutto Pakistanyň premýer-ministri bolan döwründe birnäçe hökümet wezipelerini eýeläpdi.

Zardari korrupsiýa bilen baglylykda özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär we şeýle aýyplamalaryň syýasy sebäplere baglydygyny aýdýar.

2003-nji ýylda Zardari Şweýsariýanyň türmesinde oturan wagty, Sweýsariýanyň sudy ony we Benazir Bhuttony 15 million dollar möçberindäki bikanun ýol bilen gazanylan pullary ýuwmakda aýyplapdy. Suduň çykaran karary esasynda olar 6 ay türma tussaglygyna höküm edilipdiler. Şeýle-de sud olaryň 50 müň amerikan dollar möçberinde jerime tölemegini we 11 million dollary Pakistanyň gazanasyna tabşyrmagyny talap edipdi.

2007-nji ýylda Benazir Bhuttonyň janyna kast edilensoň, Pakistan Zardariniň işini ýatyrypdy, emma Zardari 2008-nji ýylda “Pakistanyň halk partiýasynyň” egindeş ýolbaşçysy bolansoň, bu işleriň daşyndaky dawa ýene tutaşdy.

2010-njy ýylda Sweýsariýanyň prokuraturasy Zardariniň kanun taýdan eldegrilmesizligi sebäpli oňa garşy işleri gaýtadan gozgap bilmejegini aýtdy.

Häzir Sweýsariýanyň Adalat ministrligi Pakistanyň prezidentine garşy işleri gaýtadan gozgamak meselesine garalmagy üçin Pakistanyň hökümetinden resmi ýüzlenmäniň bolmalydygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG