Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz çagalarynda AIDS keseli anyklandy


Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň beren maglumatyna görä, ýurduň günortasynda ýene 70 çagada AIDS keseli anyklanypdyr.

Resmiler medisina işgärleriniň geleňsizligi netijesinde Jelalabatda 10 çaga, Oş regionynda bolsa ýene 60 çaga bu keseliň ýokaşdyrylandygyny mälim etdiler.

Häzir iki-ýedi ýaş aralygyndaky 110 çagada bu keseliň bolup-bolmazlygy barlanýar.

Gyrgyzystanyň günortasynda tötänlikde çagalara AIDS keselini ýokaşdyranlygy üçin onlarça medisina işgärine garşy jenaýat işi gozgaldy. Mundan öň bu kesel 200 çagada anyklanypdy.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi kesellän çagalara zerur bolan bejerginiň berilýändigini mälim edip, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG