Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda täze syýasy hereket dörediler


Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlarynda şowsuzlyga uçran iki syýasy lider täze hereketi döredýändiklerini mälim etdiler.

“Ata Žurt” partiýasynyň lideri Kamçybek Taşyýew we “Bütin Gyrgyzystan” partiýasynyň lideri Adahan Madumarow birigip, şeýle karara gelendiklerini aýtdylar.

Olaryň bellemegine görä, bu täze syýasy hereketiň esasy maksady gyrgyz halkyny birikdirip, ýurtda adalatyň dikeldilmegini gazanmakdan ybarat bolup durýar.

Syýasy aktiwistler ilatyň ynamyny ödejek hökümetiň birnäçe partiýanyň agzalaryndan hem hiç bir partiýa dahyly bolmadyk garaşsyz adamlardan ybarat bolmalydygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG