Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky çaknyşykda 18 adam heläk boldy


Pakistanyň Kurram şäherinde ýüze çykan ýaragly çaknyşygyň netijesinde yslam ekstremistlerinden 18 adamyň heläk bolandygy habar berilýär. Bu wakada Pakistanyň hökümet goşunlaryndan hem 7 adam heläk bolupdyr.

Pakistanyň häkimiýetleriniň beren maglumatyna görä, jeňçileriň ýaraglanan topary Owganystan bilen serhetde ýerleşýän barlag-geçiriş punktyna hüjüm edipdirler.

Bu wakada ýene 3 esgeriň ýaralanandygy habar berilýär.

Kurram şäheri Pakistanyň iň howply ýerleriniň biri hasaplanýar. Diňe soňky hepdäniň dowamynda bu ýerde onlarça adam zorlugyň pidasy boldy.
XS
SM
MD
LG