Sepleriň elýeterliligi

“Facebook” özüniň missiýasyny maliýeleşdirmegiň ugrunda


“Facebook” öňümzidäki hepdelerde halka aksiýa satmak bilen örän köp pul, takmynan 5 milliard dollar toplamagy umyt edýär. Onuň bu işi ýol alsa, onda bu Birleşen Ştatlaryň taryhynda satuwa çykarylan iň uly tehnologiýa aksiýasy bolup, “Facebook” saýtyna internetiň ugruny kesgitleýän kompaniýa hökmünde öz ornuny saklamaga kömek eder.

“Facebook” saýtyna girýän adamlaryň sany aýda 845 million çemesi - tutuş dünýäniň ilatynyň altydan biri. “Facebook” şeýle hem dünýäde 100-den agdyk ýurtda birinji orny eýeleýän jemgyýetçilik-ulgam saýty bolup durýar.

Indi bolsa gurlaly bäri aradan ýaňy 8 ýyl geçen bu kompaniýa başga bir zady göz öňünde tutýar. Baş müdir Mark Zukkerbergiň "sosial missiýa" diýip suratlandyrýanyndan maksat – ulanyjylary birek-birege ýakynlaşdyryp, dünýäni öňküsinden has açyk, has ilteşikli etmek. Şeýle hem Amerikanyň iň baý kompaniýalarynyň arasynda öz ornuny saklap, özüniň geljekde girdeji gazanmak mümkinçiliklerini artdyrmak .

Bu işi nädip edip bolar? Muny Oksford uniwersitetiniň Internet institutynyň professory Wiktor Maýer-Şoenberger şeýle düşündirýär:

—Bir tarapdan, olaryň elinde aşa köp maglumat bar. Başga bir tarapdan-da, olaryň sosial-ulgam platformasy bar. Ol aslynda, şu wagt edişi ýaly, diňe adamlaryň arasynda arabaglanyşyk gurýan platforma bolmak bilen çäklenmän, olary belli hyzmatlar bilen-de üpjün edip bilýär. Olar, belki, mazmun tabşyrýan platforma bolar, belki-de öz ulanyjylarynyň arasynda bazar üçin şahsy maglumatlary satar. Garaz, goşmaça gazanç üçin mümkinçilikler köp. Ýöne bu zatlar “Facebook” saýtynyň aslynda goşmaça söwda nusgalaryny gözleýändigini aňladýar.

Öten ýyl “Facebook” saýtyna giren adamlar oňa köplenç rekalamanyň üsti bilen 3,7 milliard dollar girdeji getirdiler. Ýöne agzalaryň bir sosial-ulgam saýtyna goşulanda özleri barada berýän maglumatlary olary diňe reklama däl, eýse başga hyzmatlar bilen hem göni nyşana almaga mümkinçilik berýär. Bular hem iň bärsinden internet üsti bilen bolýan söwda, jemgyýetçilik oýunlary, aýdym-saz we kino surata almak ýaly zatlar bilen bolýar.

Ýöne agzalary bular ýaly ýörite nyşana alnan hyzmatlar bilen üpjün etmek töwekgelçiliksiz däl. Bu, bir tarapdan, adamlaryň özleri barada internetde näçe şahsy maglumat bermäge meýillidigi hakda synag bolsa, beýleki tarapdan, Facebookdan dogry deňagramlylygy tapmagy ýa-da müşderilerini ýitirmegi talap edýär. Maýer-Şoenberger muny şeýle düşündirýär:

—“Facebook” saýtynyň geljeginiň öňünde duran iň uly päsgelçilik – onuň häzirki DNA-sy: onuň düýbüni tutan Mark Zukkerbergiň sahsy maglumatlaryň ile ýetirilmeli däldigine özüniň ynanmaýandygyny aýdanlygy. Şeýlelikde, tutuşlaýyn aýanlyk onuň başlangyç DNA-sy, “Facebook” saýtynyň başlangyç medeniýetine girizilen zat. “Facebook” indi ösüp ýaýbaňlanyp gelýärkä, özleri barada şahsy maglumatlaryň berilmegini islemeýän köp sanly ulanyjylaryň bu arzuwlaryny kanagatlandyrmagyň ýoluny tapmaly bolar.

2010-njy ýylyň maý aýynda "Facebook saýtyndan çyk" diýip geçirilen kampaniýany ne “Facebook”, ne-de ony ulanyjylar unudandyr. Şonda müňlerçe ulanyjy şahsy maglumatlar sebäpli özleriniň “Facebook” saýtyndaky hasaplaryny ýapmak bilen haýbat atdylar. Hasaplaryny ýatyranlar birnäçe müňden geçmedik hem bolsa, ediljek zat şonda açyk duýduryldy.
XS
SM
MD
LG