Sepleriň elýeterliligi

Wladimir Putini jaýlamagyň wagty geldimi?


Wladimir Leniniň Kremlde mumyýalanyp goýlan jesedi

Wladimir Leniniň Kremlde mumyýalanyp goýlan jesedi

Göni efire berilýän habar programmasynda tötänden, ýalňyşylyp aýdylan bir söz sibirli diktory internet sensasiýasyna öwürdi.

Gyrak-çetdäki sibir şäherlerinde ýerli telewizion stansiýalarda işleýän dyzmaç diktorlaryň her biri bir gün, ullakan böwsüş edip, tutuş ýurduň ünsüni özüne çekmegi göwnünde besleýär. Bu hyýal Kemerowa Telewideniýesinde işleýän Mariýa Buhtuýewa üçin hakykata aýlandy.

Mariýanyň 28-nji ýanwarda telewideniýede täzelikler bilen tanyşdyrýan wagty aýdan bir jümlesi, gysga wagtda, rus dilindäki internetde ýüzlerçe müň tomaşaçynyň tomaşa eden “tomaşasy” boldy.

Sowet döwletini esaslandyryjy Wladimir Leniniň Kremlde mumyýalanyp goýlan jesedini jaýlamak gerekmi ýa däl diýip, uzak wagt bäri edilýän gürrüňler, Buhtuýewanyň ýeke sözi ýalňyşmagy bilen, garaşylmadyk bir öwrüm aldy.



Wideodan sitata: “Wladimir Putini jaýlamak gerekmi? Bu ideýa indi internetde giňden maslahat edilýär. Ol prezidentlige kandidat Mihail Prohorow tarapyndan orta atyldy. Biznesmen bu sorag boýunça referendum geçirmeli diýip pikir edýär. Bu sorag derhal internet ulanyjylarda ullakan gyzyklanma döretdi”.

Buhtuýewa 90 sekunt çemesi wagt soň öz ýalňyşyndan habardar edildi we ol oňa gyssagly düzediş berdi: “Geçen temada bizde mawzoleýde Wladamir Lenin, başga bir lider we şu sebäpden, elbetde, şol hakda gürrüň gitdi. Mihail Prohorow hem şonuň ykbaly baradaky teklibi orta atdy”.

Bu wakadan üç gün soň, şularalykda internetde ýarym milliona golaý adamyň tomaşa eden ýalňyşlygynyň awtory bolaly bäri täzelik diktorlygyndan howa maglumatlary bilen tanyşdyrýan diktorlyga çenli kiçeldilip ýetişen Buhtuýewadan internetde özüniň işden kowulandygy ýa ondan hem erbet ýagdaýa salnandygy barada edilýän gürrüňlere jogap bermegi soradylar. Ol “men sag-gurgun” diýip, ýylgyryp jogap berdi. Başga bir alyp baryjy bilen bolan içginräk gürrüňde bolsa, Buhutuýewa gowulyk bilen gutarýan hemme zadyň gowudygyny aýdyp, “hudaýa şükür, biz demokratiki ýurtda ýaşaýarys ahyryn” diýdi.



Buhtuýewanyň tötänden, ýalňyşyp aýdan bir sözüniň onuň işleýän telewizion stansiýasynda nähili garşylanandygyna garamazdan, ol internetede şol bir ýalňyş sözi arkaly örän köp täze janköýer gazandy.

Emma Orsýetde prezidentlik saýlawlaryna diňe bir aý wagt galdy we ýene bir ýeňiş gazanmagyna garaşylýan Wladimir Putiniň , bar aý soňra, Mark Tweýniň meşhur sözlerini gaýtalap, “Meniň ölümim baradaky habarlar örän çişirilen” diýmegi-de mümkin.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG