Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Putine garşy demonstrasiýa gurnaldy


Moskwanyň “Bolotnaýa” atly meýdançasyna ýygnanan onmuňlerçe protestçileriň bir bölegi. Moskwa, 4-nji ýanwar, 2012.

Moskwanyň “Bolotnaýa” atly meýdançasyna ýygnanan onmuňlerçe protestçileriň bir bölegi. Moskwa, 4-nji ýanwar, 2012.

Şenbe güni Moskwada premýer-ministr Wladimir Putiniň wezipesinden çekilmegine we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş edilip, uly demonstrasiýa geçirildi.

Bu demonstrasiýa Moskwanyň “Oktýabrskaýa” metrostansiýasyndan başlanyp, şäheriň “Bolotnaýa” atly meýdançasyna çenli ýöriş geçirmek arkaly gurnaldy.

Moskwanyň polisiýasy “Adalatly saýlawlar üçin” diýen şygar astynda geçirilen bu demonstrasiýa, takmynan, 90 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar. Emma Moskwanyň “Oktýabrskaýa” metrostansiýasyndan “Bolotnaýa” meýdançasyna tarap ýöriş geçiren protestçileriň bir topary. 4-nji ýanwar, 2012.

Moskwanyň “Oktýabrskaýa” metrostansiýasyndan “Bolotnaýa” meýdançasyna tarap ýöriş geçiren protestçileriň bir topary. 4-nji ýanwar, 2012.

demonstrasiýany gurnan oppozision toparlar bu çärä azyndan 120 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny yglan etdiler.

Bu demonstrasiýa syn eden Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel şenbe güni wakanyň bolan ýerinden telefon arkaly şeýle gürrüň berdi: “Şu gün Moskwada -17 gradus sowuk howa garamazdan, uzynlygy bir ýarym kilometr ýörişe gatnaşanlaryň sanynyň geçen saparky demonstrasiýalardakydan köpdügini aýtmak mümkin. Guramaçylaryň sahnadan aýtmaklaryna görä, 100 müň diýen san yglan edildi”.

Saýlawlara ynanmaýarlar

Moskwadaky bu demonstrasiýa Orsýetde dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň gurnalan uly gerimdäki üçünji demonstrasiýadyr. Oppozisiýa toparlary şol saýlawlarda ýurduň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň sesleri galplaşdyrandygyny aýdyp, muňa protest bildirip gelýärler.

Ýöne şenbe günki demonstrasiýa gatnaşan oppozisiýa liderlerinden biri Ilýa Ýaşin Orsýetde 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň-da kanunylygyny sorag astynda goýýar.

Ol Wladimir Putiniň indi üçülenji gezek ýurda liderlik etmäge çalyşýandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň bikanun bir zatdygyny öňe sürdi: “Biz bu geçiriljek saýlawlaryň dogruçyl saýlawlardygyna ynanmaýarys. Bu ýalan we galp saýlawlar. Bu saýlawlar kanuny saýlawlar hem däl”.

Häkimiýeti goldaýjylar hem çykdy

Moskwadaky bu demonstrasiýanyň barşynda polisiýa bilen protestçileriň arasynda nähilidir çaknyşyklaryň ýa-da tussag edişlikleriň bolandygy barada maglumat alynmady.

Oppozision protestçileriň gurnan bu demonstrasiýasy bilen bir wagtyň özünde häkimiýete tarapdar güýçler hem Moskwanyň günbatar raýonyndaky “Poklonnaýa gora” diýen ýerde hökümetiň syýasatyny goldaýjy şygarlar bilen öz piketlerini gurnadylar.

Moskwanyň polisiýasy häkimiýeti goldaýjylaryň bu piketine 23 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny habar berdi.

Orsýetde geçirilen soňky pikir soraýyşlyklar 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Wladimir Putiniň öz garşydaşlaryndan belli bir tapawut bilen üstün çykmagynyň mümkindigini görkezýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG