Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeakse” maglumat beren amerikan esgeri sud ediler


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Goranmak ministrligi amerikan goşunlarynyň rýadowoýy Bradleý Manningiň “WikiLeaks” internet saýtyna gizlin maglumatlary berendigi üçin sud jogapkärçligine çekiljekdigini mälim etdi.

Maglumata görä, rýadowoý Bradleý Manning “WikiLeaks” internet saýtyna Birleşen Ştatlaryň harby we diplomatik çeşmelerine degişli 700 müňden gowrak elektron hatlaryny we wideo ýazgylaryny beripdir.

Goranmak ministrliginiň resmileri onuň işine indi ýurduň harby tribunalynda garaljakdygyny mälim etdiler. Bradleý Manning özüne bildirilýän jenaýat aýyplamalarynda günäli tapylan halatynda, oňa ömürlik türme tussaglygynyň berilmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG