Sepleriň elýeterliligi

Anna güni Siriýada 200-den gowrak adamyň ölendigi aýdylýar


Siriýa boýunça düýbi Britaniýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy topar Siriýanyň Homs şäherinde anna güni 200-den gowrak adamyň öldürilendigini habar berdi.

Siriýanyň ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji bu topar parahat protestçilere garşy bu ganly hüjümiň hökümet güýçleri tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýar.

Emma Siriýanyň döwlet mediasy bu gyrgynçylyga hökümet güýçleriniň dahylly däldigini öňe sürüp, maglumat ýaýratdy. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýadaky bu soňky ganly wakalary ýazgaryp, ýörite rezolýusiýa kabul etmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG