Sepleriň elýeterliligi

Moskwada hökümete garşy uly protest çäresi gurnaldy


Şenbe güni Moskwada premýer-ministr Wladimir Putiniň wezipesinden çekilmegine we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş edilip, uly demonstrasiýa geçirildi.

Bu ýöriş Moskwanyň “Oktýabrskaýa” metrostansiýasyndan başlanyp, şäheriň “Bolotnaýa” atly meýdançasynda tamamlandy. “Adalatly saýlawlar üçin” diýen şygar astynda geçirilen bu demonstrasiýada protestçiler hökümete garşy şygarlar bilen çykyş etdiler.

Demonstrasiýany gurnan oppozision toparlar bu çärä azyndan 120 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny yglan etdiler.

Moskwadaky bu demonstrasiýa Orsýetde dekabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň gurnalan uly gerimdäki üçünji demonstrasiýadyr.
XS
SM
MD
LG