Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti iki çinownige berk käýinç berdi


Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti ýokary wezipeli çinownikleriň ikisine berk käýinç yglan etdi.

Hususan-da, prezident G.Berdimuhamedow ýurduň transport we aragatnaşyk pudagyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer Nazarguly Şagulyýewe “öz dolandyrýan ministrliklerinde we pudaklarynda düzgün-tertibe gözegçiligi gowşandandygy hem-de işinde goýberen kemçilikleri” üçin berk käýinç berdi.

Mundan daşary, şeýle berk käýinç we duýduryş Türkmenistanyň awtomobil transport ministri Serdar Berkeliýewe-de berildi. Ýöne olaryň goýberen kemçilikleriniň anyk nämelerden ybaratdygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG