Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow bir oba hem-de şäher gurmaklygy karar etdi


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2011-2030-njy ýyllar aralygyndaky sosial-ykdysady ösüşi boýunça milli maksatnamasynyň” çäklerinde birnäçe karara gol çekdi.

Hususan-da, ol Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda döwrebap täze bir oba gurmak baradaky karara gol goýdy. Gurluşygyna 2012-nji ýylyň martynda başlanyp, 2016-njy ýylda tamamlanjak bu oba Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň territoriýasynda gurlar.

Mundan daşary, G.Berdimuhamedow 2012-2030-njy ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn ýagdaýda täze döwrebap Abadan şäherini guramak baradaky karara-da gol çekdi.

Käbir synçylar Türkmenistanda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň we jaý satyn almak üçin berilýän kreditleriň, köplenç, adaty ilat üçin elýeterli däldigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG