Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara guramasy Natalýa Şabunsyň ýagdaýyna alada bildirdi


Anna güni düýbi Brýusselde ýerleşýän “Ynsan hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” atly gurama türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabunsa görkezilýän basyşlara alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Bu guramanyň ýaýradan beýanatyna görä, Natalýa Şabuns özüniň şu geçen hepde Azatlyk Radiosyna interwýu bermeginiň ertesi güni öz kwartirasynyň gapysynyň agzyna goýnuň gana bulaşan kellesiniň goýlandygyny we ak poroşok bilen haçyň suratynyň çekilendigini habar beripdir.

Maglumata görä, Natalýa Şabuns bu bolan wakany özüniň Azatlyk Radiosyna beren interwýusy üçin özüni gorkuzmak maksady bilen gurnalan çäre diýip hasaplaýandygyny aýdypdyr.

Indi iki gün bäri Azatlyk Radiosynyň Natalýa Şabuns bilen telefon arkaly habarlaşmak üçin eden synanyşyklary başa barman gelýär.

30-njy ýanwarda Natalýa Şabuns Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly telefon arkaly Azatlyk Radiosyna interwýu beripdi.
XS
SM
MD
LG