Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe bikanun migrantlary nyşana alýar


Professor Gylyç: "Bikanun ýagdaýda ela salnan halatlarynda, olara uly möçberde pul jerimesi salnar. Olara iş beren adamlara hem 6000 türk lirasi möçberinde pul jerimesi berler".

Professor Gylyç: "Bikanun ýagdaýda ela salnan halatlarynda, olara uly möçberde pul jerimesi salnar. Olara iş beren adamlara hem 6000 türk lirasi möçberinde pul jerimesi berler".

1-nji fewraldan başlap “Daşary ýurtlularyň Türkiýede galmaklary we ýurda gelmekleri” barada täze kanun güýje girdi. 5683 nomerli bu kanunda Türkiýede kanuny statusy bolmadyk adamlaryň derhal ýurdy terk etmekleri talap edilýär.

Bu kanunda Türkiýede bikanun ýaşaýan adamlara we olara iş beren edara-kärhanalara hem-de şahsyýetlere uly pul jerimeleri hem göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, bu kanun Türkiýede işlemek isleýän adamlar üçin käbir mümkinçilikleri-de döredýär.

Bu täze kanun bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhamad Tahir Türkiýäniň sosial üpjünçilik ministriniň şahsy maslahatçysy, Gazy uniwersitetiniň professory Jem Gylyç bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bizi 5683 nomerli kanun bilen baglanyşykly mesele gyzyklandyrýar. Munuň özi kanuna girizilen özgerişiklikmi ýa-da täze çykarylan kanunmy, muňa nähili düşünmeli?

Professor Gylyç: Muňa şeýle düşünmeli, Ministrler Kabineti bu barada geçen ýylyň10-njy oktýabrynda bir karary tassyklapdy, ýöne şol mahal tassyklanan şol karary adamlaryň köpüsi gözünden sypdyrypdylar.

5683 nomerli häzirki täze karar Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanyp, indi kanunlaşdyryldy. Şol kanuna görä, daşary ýurtlular mundan beýläk 180 günüň dowamynda diňe 90 gün Türkiýede galyp bilerler. Ýagny, haýsydyr bir daşary ýurtly Türkiýäni terk eden gününden soň Türkiýäniň daşynda 90 gün geçirmezden, bu ýurda dolanyp bilmez. Başgaça söz bilen aýdylanda, daşary ýurtly bir adamyň Türkiýede üç aý galyp, bu ýurdy terk edenden soň, aradan üç aý geçirmän Türkiýä dolanmaga hukugy bolmaz.

Täze kanuna görä, Türkiýede üç aýdan köp galan adamlar bolsa, ýurdy terk etmedik halatlarynda, bikanun ýagdaýya düşýärler.

Azatlyk Radiosy: Bu kanunuň Türkiýede bikanun ýaşaýan ýa bikanun işleýän adamlara öz täsirini ýetirjekdigini aýtmak mümkin. Bu barada siz näme aýdyp bilersiňiz?

Professor Gylyç: Häzirki döwürde Türkiýede bikanun iş alyp barýan gaty köp adam bar. Olaryň aglaba köpüsi türki dilli respublikalardan, Ermenistandan, Gürjüstandan bolup, olaryň arasynda Türkiýede bikanun işleýänleri gaty köp. Olaryň sanynyň, takmynan, 1 milliona barabardygy aýdylýar.

Bu adamlaryň köpüsi öýlerde hyzmatçy ýa çagalara enekelik etmek ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu täze kanunuň çykarylmagy belli bir derejede bu ýagdaýyň öňüni almaga gönükdürilen.

Türkiýede, barybir, işsiz adamlaryň sany az däl. Ýurtde işsizligiň dowam edýän häzirki şertlerinde daşary ýurtlularyň şeýle ýagdaýda Türkiýede işlemeklerine mümkinçilik döredilmegi we bu ýagdaýyň dowam etdirilmegi üçin zerurlyk hem ýokdy. Şonuň üçin Ministrler Kabineti bu baradaky karara geldi we şol karar soňra kanunlaşdyryldy.

Azatlyk Radiosy: Öňki Sowet Soýuzyna girýän türki dilli respublikalardan Türkiýede bikanun işleýän adamlaryň sany barada anyk maglumatyňyz barmy? Mysal üçin, Türkmenistandan, Özbegistandan ya Gyrgyzystandan Türkiýä baryp, bikanun işleýän adamlaryň sany barada näme aýdyp bilersiňiz?

Professor Gylyç: Bu barada resmi maglumat ýok. Emma Ermenistandan Türkiýä gelenleriň sany 100 müň töweregi diýilip çak edilýär. Şeýle adamlaryň sany boýunça Gürjüstan ikinji orunda durýar. Bu san boýunça gürjüstanlylardan soň gyrgyzlaryň we türkmenleriň durýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkiýedäki statusynyň bikanundygy aýdylýan şol adamlaryň arasynda mundan birnäçe ýyl ozal hatda turistik wiza bilen baryp, ol ýerde galanlarynyň-da kändigi barada maglumatlar bar. Indi bu kanunyň kabul edilmeginden soň olaryň ýagdaýy nähili bolar?

Professor Gylyç: Olar indi derhal öz ýurtlaryna dolanmaly bolarlar. Bikanun ýagdaýda ela salnan halatlarynda, olara uly möçberde pul jerimesi salnar. Olara iş beren adamlara hem 6000 türk lirasi (ýagny, 3500-4000 amirkan dollaryna barabar) möçberinde pul jerimesi berler.

Bikanun ýagdaýda ela salnan şol adamlaryň özlerem 450-500 dollar aralygynda pul jerimesi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýdaky adamlaryň Türkiýäni terk etmän, öz statuslaryny kanunlaşdyrmaklaryna mümkinçilik ýokmy?

Professor Gylyç: Elbetde, mümkinçilikler bar, olar işlemäge rugsat alyp bilerler. Olar bu täze düzgün esasynda işläp bilerler. Ministr bu barada oňyn ädimiň ädiljekdigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Eýse, bu mümkinçilikden häzirki döwürde Türkiýede bikanun ýaşaýan hem işleýän adamlaram peýdalanyp bilerlermi?

Professor Gylyç: Ýok, olar peýdalanyp bilmezler. Olar haýal etmän öz ýurtlaryna dolanmalydyrlar, ozaly bilen özlerini bikanun ýagdaýdan halas etmelidirler. Olar kanuny ýagdaýda Türkiýä dolanan halatynda, bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Türkiýede ençeme wagtlap bikanun ýaşansoňlar, olaryň yzlaryna - öz ýurtlaryna dolanyp, derhal Türkiýä gaýdyp gelmeklerine mümkinçiligi bolarmy?

Professor Gylyç: Hawa, olar Türkiýä dolanyp bilerler, ýagny bikanun ýagdaýda tutulmadyk we Türkiýeden kowulmadyk halatlarynda, olaryň Türkiýä dolanmaklaryna garşy hiç hili päsgelçilik bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Şeýle adamlaryň Türkiýä yzlaryna dolanyp bilmekleri üçin nähili şertler bar, ýagny olardan nähili maglumatlar, dokumentler talap ediler?

Professor Gylyç: Eger kimdir-birleri Türkiýede işlemek isleýän bolsalar, olar öz ýurtlarynda ýerleşýän Türkiýäniň ilçihanasyna baryp, Türkiýede işlemek üçin ýüzlenmeli bolarlar. Arzalaryny Türkiýäniň ilçihanasyna tabşyryp, olar Türkiýä gelensoňlar, şol arzalarynyň statusyny bärden yzarlap bilerler.

Azatlyk Radiosy: Iş wizasi üçin Türkiýäniň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna ýüzlenýänler öz arzalary bilen bile nähili dokumentleri alyp barmaly, bu barada takyk maglumatyňyz barmy?

Professor Gylyç: Olaryň pasporty bolmaly, kimiň ýanyna barjagy, haysy sektorda işlejegi barada maglumat soralar. Başga maglumat soralmaz.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagt Türkiýede bikanun ýaşaýan adamlaryň ýurdy terk etmekleri üçin näçe gün möhlet berilýär? Ýagny, olara ýurdy terk etmekleri üçin belli bir möhlet berilýärmi?

Professor Gylyç: Ýok, onuň ýaly zat ýok. Kanuna görä, Türkiýede ýaşamak boýunça kanuny möhleti dolan adamlaryň ýurdy etmekleri talap edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG