Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gilani Katarda owgan meselesini ara alyp maslahatlaşmakçy


Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani Owganystandaky parahatçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşenbe güni Katara barmaklygy planlaşdyrýar.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, Katarda geçiriljek gepleşikler, esasan, talybanlaryň Owganystanda alyp barýan söweş hereketlerine parahatçylykly çözgütleri tapmak meseleleri bilen baglanyşykly bolar.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň ahyrynda Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar hem şu gürrüňi edilýän meseleler boýunça Kabulda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen gepleşik geçiripdi.
XS
SM
MD
LG