Sepleriň elýeterliligi

Mýunhende howpsuzlyk meselesi boýunça halkara forumy geçirildi


Germaniýanyň Mýunhen şäherinde howpsuzlyk meselesine bagyşlanyp geçirilen iki günlük konferensiýa şu gün öz işini tamamlady.

Ýekşenbe güni konferensiýanyň ikilenji güni, esasan, arap rewolýusiýalarynyň täsirleri we internet arkaly edilýän elektron hüjümleriniň abandyrýan howplary bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyldy.

Arap rewolýusiýalary bilen baglanyşykly geçirilen diskussiýanyň ekspertler toparynyň düzüminde käbir beýleki döwletleriň resmileri bilen bir hatarda, Tunisiň premýer-ministri, Müsüriň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri-de boldular.
XS
SM
MD
LG