Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen Hytaý Siriýa baradaky rezolýusiýa weto goýdular


Şenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Orsýet bilen Hytaý Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegini talap edýän rezolýusiýanyň kabul edilmegine weto goýdular.

Nýu-Ýorkda geçirilen bu ses berişlikde Howpsuzlyk Geňeşiniň ähli beýleki 13 agzasy, şol sanda Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Britaniýa bu rezolýusiýanyň taslamasyny goldap ses berdiler. Ýöne Orsýet bilen Hytaýyň razylygy bolmazdan, rezolýusiýanyň taslamasy kabul edilmeýär.

Rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagyny Birleşen Milletler Guramasynyň we Günbatar ýurtlaryň resmileri berk tankyt etdiler.

Orsýetiň resmileri täze rezolýusiýanyň Siriýada režim çalşyrylmagyna aýak direýändigini aýdyp, onuň tarapgoý rezolýusiýadygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG