Sepleriň elýeterliligi

Şahyryň ejesi


Gülnabat eje ýaňy ýakynda 90 ýaşady.

Gülnabat eje ýaňy ýakynda 90 ýaşady.

20-nji asyr türkmen edebiýatynyň iň görnükli wekili Gurbannazar Ezizow ölmejek-öçmejek eserler döredip, halkyň hakydasynda ýaşap gelýär. Ol Jennet ýaşynda, bir näkesiň atan okundan pajygaly ýagdaýda wepat bolupdy.

Aslynda Gurbannazaryň özi iňňän mähirli ynsandy, ol hemmeleriň dostudy, ululara ini, kiçilere agady. Ýoldaşlary üçin onuň diňe göwni däl, saçagy-da, gapysy-da açyk bolardy.

Eziz aga bilen Gülnabat ejäniň ýeke perzentleri Gurbannazar bolansoň, onuň ýanynda gelen her bir ynsana öz çagalary ýaly serederdiler. Gurbannazar aradan çykan soň hem bu däp dowam etdi. Gurbannazarlaryň gapysy mydama açyk boldy. Gülnabat eje gapysyndan garan her bir ynsany öz perzendi hökmünde kabul etdi.

Şol mähriban ene 90 ýaşady. Enäni şahyr Şiraly ýatlaýar:

Şiraly Nurmyrat

“Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,
Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem”


Şahyr Gurbannazar Eziziň “Eneme” atly goşgusynyň jemleýji soňky iki setiri bu gün togsan ýaşy arka atan Gülnabat ejä bagyşlanypdy.

Gurbannazar Gülnabat eje bilen

Gurbannazar Gülnabat eje bilen

Külli türkmeniň göz-guwanjyny 1940-njy ýylyň martynda dünýä inderen bu mährem ene bilen ilkinji tanyşlygym 1967-nji ýylyň ahyrlarynda, Gurbannazar bilen tirkeşip, Podwoýskiý bilen Sowhoznaýa köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän howlynyn işiginden ätlämde bolup geçipdi.

Sary köýnekli “Güýzjemalyň“ aşygy Gurbannazar üçin keramatly ene temasy mukaddes däbe öwrülipdi.

Ýazgül, Sähragül, Azatgül hem Ogulgül atly gurjak ýaly dört gyzyň enesi Halnabat gelin şahyryň in güýçli, in uly arzuwy netijesinde, heniz dünýä inmedik, entek hyýalda ýaşaýan ogly Serdary hüwdüläp oturşyna diňe enä mahsus, diňe enäniň dilinden çykyp biläýjek sözleri aýdýar:

Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa,
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.

Jorama duşan ýerim,
Balam, seni öwerin,
Gelniň ýuwar köýnegňi,
Men dolagňy ýuwaryn.

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder,
Soňra ýatlar aýalyň...


Geçen asyryň 78-79-njy ýyllarynda, ýaňy 3-4 ýaşan Serdarjyk bilen tanyşmak maňa nesip etdi. Her gezek olaryň deňinden geçemde, maşyny saklap, howlynyň daş işiginde oýnap ýören çaganyň eline ownuk pul tutduryp, “morožnyjyk alnarsyň” diýip geçip ugradym. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy, ýöne uzaga çekmedi. Gülnabat eje meni öýe çagyryp, ýuwaşlyk bilen haýyş etdi:

—Ogul, Gurbannazar janyň iň gowy gören dostlarynyň biridigiňi men bilýän, emma şojagaz çagany ownuk pul bilen ýaman öwretme diýjek bolýan. Sebäbi häli-şindi buz ýaly morožny iýip, bokurdajygyny agyrtmasa gowy boljak. Iň bir ýaramaz tarapam – maşyn tyrryldysyny eşidenden, çaga howlyň daşyna ylgaýa...

1982-de, tegelek otuz ýyl mundan ozal, Gülnabat eje agtygynyň 29-njy mekdebiň birinji klasyndan okuwdan gelip, päpgejigini bir gyra oklap goýberägede, buýsançly habaryny tüýs şahyryň ogly bolup buşlaýşyny gürrüň berdi: “Ene, bu gün-ä agtygyň ýumurtga ýaljak owadan bäşligi alyp gelendir!”

1980-in mart aýynyň başlarynda, Gurbannazaryň doglan gününiň 40 ýyllygyny bellemek uçin, şahyryň sarpasyny saklaýan märeke uzyn stoluň başynda jemlendi.

Merhumy ýatlamaga gelen adamlaryň öňünde içgili çüýşe goýulmajagy, elbetde, köre hasady. Emma iki alkaş eýýäm boljagy bolup gelipdir. Her kim ýerinden turup, işigiň agzyndaky basgançakda oturan enä alkyş baryny ýagdyrypdy. Şol aralykda gözleri ümezläp oturan şahyrdyr tankytçy bir çemçäniň üstünde dawalaşyp, biri-biriniň ýakasyndan ýapyşdy.

Saklanyp bilmedim. Ikisiniňem ýeňsesinden ebşitläp tutdum. Südürdedip howlyň işigine eltdim-de, köçä oklap goýberdim. Ene üm bilen meni ýanyna çagyryp, ýuwaşja dillendi: “Henize-bu güne deňiç bu howludan beýdip çykarylan-a ýokdy, ýöne şuny-ha sen oňaraýdyň...”

Bu beýik enäni sonky gezek 1990-njy ýylda, howlyň içindäki göle ýatagyny arassalan wagtym görüp galdym. Şonda alan “taňryýalkasynymy” şu güne çenli buýsanç bilen göterip ýörün.

Saňa berk jan saglygy hem uzak ömri arzuw edýän, mähriban Ene!
XS
SM
MD
LG