Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Moskwanyň we Pekiniň weto goýmagyna reaksiýalar dowam edýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa boýunça rezolýusiýasynyň proýektine Orsýetiň we Hytaýyň weto goýmagyny “komediýa” diýip atlandyrdy. Rezolýusiýanyň proýektinde Siriýanyň prezidenti Başar Asada iş başyndan çekilmäge çagyryş bar.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Uilýam Heýg ýekşenbe güni eden çykyşynda: “Moskwa we Pekin dünýä jemgyýetçiliginiň göz alynda aýylganç jogapkärçiligi öz üstüne alyp, arap ýurtlary bilen bagly dostlukly däl ädim ätdiler” diýdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle şeýle diýdi: “Biz BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki dikussiýalara ýene dolanyp geleris diýip oýlanýaryn. Geňeşdäki partnýorlarymyz, ozaly bilen Arap Ligasy bilen bilelikde eden işlerimizi maslahat etmek örän möhüm. Weto goýmak baradaky karar nädogry boldy”.

Hillari Klintonyň sözlerine görä, Damaska regional hem milli derejelerde basyşy güýçlendirmek, Siriýada gandöküşligi bes etmek üçin ABŞ we onuň ýaranlary ähli tagallany bu ugra gönükdirer.
XS
SM
MD
LG