Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde dürli ýurtlardan 40 adam suda çekiler


Kairde we Suesde demonstrasiýaçylar güýç bilen dargadylansoň, ABŞ Müsüre berýän kömegi meselesine täzeden seretjekdigini mälim etdi.
Kairde we Suesde demonstrasiýaçylar güýç bilen dargadylansoň, ABŞ Müsüre berýän kömegi meselesine täzeden seretjekdigini mälim etdi.
Müsürde hökümete degişli däl guramalary maliýeleşdirmekde aýyplanýan 40 adam suda çekiler.

Kairde we Suesde demonstrasiýaçylar güýç bilen dargadylansoň, ABŞ Müsüre berýän kömegi meselesine täzeden seretjekdigini mälim etdi. Iki şäherde güýç ulanmalarda 12 adam heläk boldy. Şondan soň, bazar güni suda çekmek baradaky maglumat peýda boldy.

Suda çekiljekleriň arasynda birnäçe müsürli, amerikaly hem beýleki ýurtlaryň graždanlary bar diýip, “Frans-press” agentligi ady tutulmadyk çeşmä salgylanyp habar berdi.

ABŞ tarapyndan maliýeşdirilýän hökümete degişli däl guramalaryň 40 işgäriniň suda çekiljekdigi baradaky bu habara Waşingtonda uly alada bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi wekili Wiktoriýa Nuland ABŞ-nyň müsürli partnýorlardan ýagdaý barada düşündirişe garaşýandygyny aýtdy.

Onlarça işgär, şol sanda 19 amerikaly bidüzgünçiliklere we Müsüriň häzirki harby ýolbaşçyaryna garşy protestlere meçew bermekde aýyplanyp, olara ýurdy terk etmek gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG