Sepleriň elýeterliligi

Ýüzlerçe adam Ýewropadaky sowugyň pidasy boldy


Ýüzlerçe adam Ýewropada dowam edýän gazaply sowugyň pidasy boldy. Diňe Ukrainada ölenleriň sany 130, Polşada 53 adamdan geçýär.

Bosnýada bazar güni ýüzden gowrak obadan keselliler wertolýot arkaly howpsuz ýerlere äkidildi. Iki metr galyňlykdaky gar sebäpli şol obalaryň daşarky dünýä bilen arasy kesik. Müňlerçe ýerli ýaşaýjylar üçin azyk wertolýotlar arkaly daşalýar.

Serbiýada galyň gar sebäpli 70 müňden gowrak adam daşarky dünýäden üzňelikde galdy. Saraýewoda, ýene-de 32 etrapda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýewropadaky iň uly aeroportlaryň biri – Londonyň “Hitrou” aeroportunda 15 santimetrlik gar sebäpli reýsleriň 30%-i ýatyryldy.

Italiýanyň demirgazygynda, Florensiýada demirýol aragatnaşygy kesildi.
XS
SM
MD
LG