Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Homsy topa tutýar, Orsýet bilen Hytaý öz wetosyny goraýar


Siriýanyň oppozisiýa çeşmeleri hökümet güýçleriniň Homs şäherini topa tutmagy netijesinde azyndan 12 adamyň ölendigini aýdýarlar.


Duşanbe güni edilen hüjüm mahalynda Homsdaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda barýan geçirijiniň partladylandygy habar berildi.

Aktiwistler hökümet güýçleriniň hüjüminde söweş dikuçarlarynyň we raketa atyjylaryň ulanylandygyny aýtdylar.

Şularalykda Orsýet bilen Hytaý, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde Siriýadaky zorlugy duruzmaga we prezident Başar al-Assady işden çekilmäge çagyrýan rezolýusiýa taslamasyna weto goýanlyklary üçin ýaňlanan Günbatar tankydyndan goranyp, öz pozisiýalaryny delillendirmäge çalyşdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow wetolara bildirilen Günbatar reaksiýasyny “haýýarlyga golaý salyhatsyzlyk” hökmünde suratlandyrdy. Rus ministriniň Bahreýne sapary mahalynda aýtmagyna görä, Damask babatdaky rezolýusiýa taslamasyny tassyklamak, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, Siriýanyň “graždanlyk urşunda” tarap tutmak bilen barabar bolar:

—BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýa taslamasynyň awtorlarynyň islegi Siriýa režiminiň zorlukly hereketleri togtatdyrmakdan ybarat we olar muny režime garşy göreşýän ýaragly toparlaryň boýnuna hiç bir anyk borçnama ýüklemezden etmekçi. Beýle rezolýusiýa Howpsuzlyk geňeşiniň graždanlyk urşunda haýsam bolsa bir tarapy tutmagyny aňladar.

Moskwa bilen Pekin 4-nji fewralda Arap ligasy tarapyndan öňe sürlen we Howpsuzlyk geňeşiniň 13 agzasy tarapyndan goldanan taslama weto goýdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi duşanbe güni Birleşen Ştatlaryň Hytaý bilen Orsýet Siriýa režimini penalaýar diýen aýyplamasyny ret edip, Pekin diňe adalatlylygy saklamak isleýär diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton biraz öň bu wetolary “parodiýa” atlandyrdy we Hytaý bilen Orsýeti “Damaskdaky zalym režimi” goramakda aýyplady.

Lawrow Damaska barar

Lawrowyň, Orsýetiň daşary aňtaw gullugynyň başlygy Mihail Fradkow bilen, 7-nji fewralda Damaska baryp, prezident Assad bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda olaryň Assada eglişige gelmegi üçin basyş etjegi we rus prezidenti Dmitriý Medewedewiň, “demokratiki reformalar” esasynda, “ýagdaýy çaltdan-çalt durnuklaşdyrmaga” çalyşýandygy aýdylýar.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi duşenbe güni Parižde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

—Şu gün agşam men Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medewedewe Siriýa meselesi barada telefon etmekçi bolýaryn. Men, kansler Merkeliň rugsady bilen, ikimiziň hem pikirini aýdaryn. Fransiýanyň premýer-ministri Fransua Fillon bolsa, bu mesele boýunça premýer-ministr Wladimir Putine telefon eder.

Şeýle-de Sarkozi Fransiýa bilen Germaniýanyň siriýa halkyny ýeke goýmajagyny aýtdy:

—Siriýa meselesi barada aýdylanda, Fransiýa we Germaniýa siriýa halkyny taşlamaz. Bu bolýan zatlar bir galmagal we biz belli bir karara gelmezligi ýa halkara jemgyýetçiliginiň öňüniň baglanmagyny kabul etmeris.

Siriýa konfliktinde, Assad režimi 2011-nji ýylyň martynda protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmaga başlaly bäri, 6 müňe çenli adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG