Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň gümrük gullugynyň ozalky başlygy tussag edildi


Gazagystanyň döwlet gümrük gullugynyň ozalky başlygy Serik Baýmaganbetow öz wezipe borçlaryny hyýanatçylykly peýdalanmakda we para almakda aýyplanyp tussag edildi.

Onuň tussag edilmegi baradaky habar Gazagystanyň maliýe polisiýasynyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda yglan edildi.

Baýmaganbetow Gazagystanyň Döwlet gümrük kontrollygy komitetiniň başlygy hökmünde 2011-nji ýylyň maý aýyndan şu ýylyň 2-nji fewralynda wezipesinden boşadylýança işledi.

Mundan ozal ol Gazagystanyň daşary işler ministri hem-de prezident administrasiýasynyň güýç ulanyjy bölüminiň başlygy bolup işläpdi.

Şeýle hem, “Interfaksyň” maglumatyna görä, Žanaözen şäheriniň häkimi Orak Sarbopeýew hem döwlet serişdelerini ogurlanlykda güman edilip, tussag astyna alnypdyr.

Ýakynda Žanaözen şäherinde işgärler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 16 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG