Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gresiýanyň profsoýuzlary iş taşlamaga çagyryş edýärler


Gresiýanyň hususy we döwlet sektorynyň bilelikdäki iki sany iri kärdeşler arkalaşygy guramasy sişenbe güni 24 sagatlyk iş taşlaýşa çagyryş edýärler. Bu çäre döwlet býujetini tygşytlamagyň berk talaplaryna garşy geçirilýär.

Bu iş taşlaýyş ykdysady krizise garşy täze meýilnamany maslahat etmek üçin Gresiýanyň dolandyryjy kaolisiýasynyň liderleriniň arasynda geçirilýän maslahatyň fonunda yglan edildi.

Bu täze planyň kabul edilmegi nobatdaky halkara kömegini almak üçin zerur hasaplanýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen gepleşiklerde bu meseledäki gapma-garşylyklary çözmek Gresiýanyň syýasatçylaryna başartmady.

Bergi krizisini başdan geçirýän Gresiýa mart aýynyň ortalaryna çenli täze halkara kömegini almasa, ýurt defolt bilen ýüzbe-ýüz bolar.
XS
SM
MD
LG