Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Abadan şäherini gurmak barada karar kabul edildi


TDH gullugynyň maglumatyna görä, “Täze, häzirkizaman Abadan şäherini gurmak barada” Türkmenistanyň prezidenti karara gol goýupdyr.

Täze Abadan şäheriniň baş planyna laýyklykda, gurluşyk işleri üç möwsümde alnyp barlar. Onuň ilkinji möwsümi 2012-2020 ýyllar aralygynda, soňky ikisi bolsa 2020-2030 ýyllar aralygynda amala aşyrlar.

Şäheriň bu planynda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň toplumynyň, sosial-ykdysady maksatlara gönükdirilen desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylyň tomsunda Abadanda ýarag ammarynyň partlamagy zerarly dörän ýangynda şäheriň binalaryna, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryna uly zeper ýetipdi.
XS
SM
MD
LG