Sepleriň elýeterliligi

AI: Tanymal atşynas Kärizow saglygyna seretdirip bilenok


Dünýä boýunça adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasynyň ýaýradan “gyssagly çäre” çagyryşynda belli türkmen atşynasy Geldi Kärizowyň juda agyr ýagdaýda ýatandygy, şeýle-de onuň saglygyna seretdirmek üçin Türkmenistandan gyssagly çykyp, bejergi almalydygy aýdylýar.

Bu çagyryşyň ýaýradylmagynyň sebäpleri barada “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň koordinatory Zulfiýa Abdullaýewa Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Bize gowşan maglumatlara görä, Geldi Kärizowyň saglyk ýagdaýy juda agyr. Onuň ýüreginde näsazlyklar, gan basyşy bilen bagly kynçylyklar, başga-da birnäçe kemçilikler bar. Şol sebäpli oňa gyssagly ýagdaýda degişli medisina kömegi berilmeli. Emma bizdäki maglumatlara görä, Türkmensitanda häzir oňa gerekli kömegi berer ýaly mümkinçilik ýok. Şol sebäpli-de ol daşary ýurda çykyp, saglygyna seretdirmeli.

Abdullaýewanyň maglumatyna görä, Geldi Kärizow “gara sanaw” diýilýän toparda bolup, ol häzirki wagtda ýurduň daşyna çykarylmaýar. Şu sebäpli-de gurama bu ýagdaýa ünsi çekip, türkmen hökümetiniň oňa hiç bir bökdençsiz saglygyna seretdirmegine ýol açmagyny soraýar.

“Türkmenatlary” bileleşginiň baş direktory wezipesinde işlän Geldi Kärizow atşynaslyk we atlaryň tohumyny kämilleşdirijidir. Ol öz kesp-käri bilen halkara meşhurlygy gazanypdy.

Tanymal atşynas

Düýbi Gollandiýada ýerleşýän “Ahalteke atlary” assosiýasiýasynyň sekretary, şeýle-de Türkmenistana birnäçe gezek sapar eden Klara Wos wan Steenwijk Geldi Kärizowy şahsy tanamasa-da, onuň at-owazasynyň halkara arenasynda bellidigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy:

—Ol Türkmenistandaky iň tanymal we meşhur atşynaslaryň biridir. Ol dünýäniň beýleki atşynaslarynyň arasynda-da uly hormata we sylaga eýe. Ol öz işiniň ussady. Onuň atlara seretmek boýunça öz usuly bardy. Ol bedewlerini ýörite saýlantgy iým bilen hem bakýardy. Meniň pikirimçe, onuň dünýä beýle meşhur bolmagy, bu onuň atşynaslyk sungatynyň ganynda, zandynda bolmagydyr. Ol özüniň etmeli işini juda gowy bilýärdi.

Geldi Kärizow 2002-nji ýylda wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanmakda we uly möçberde hökümet serişdelerini ogurlamakda aýyplanyp, 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Synçylaryň bellemegine görä, bu syýasy matlap bilen edilen iş bolupdy.

Kärizow 2007-nji ýylyň sentýabrynda yglan edilen günä geçişlige düşüp, tussaglykdan boşadyldy. Emma “Amnesty International” guramasynyň bellemegine görä, hökümet tarapyndan oňa we onuň maşgalasyna garşy basyşlar dowam edýär. Gurama Geldi Kärizowyň ýagdaýyna mundan beýläk-de ünsi çekip, onuň meselesiniň oňyn çözülmegi ugrunda hereket etjekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG