Sepleriň elýeterliligi

“Air France” kompaniýasynyň işgärleri iş taşlaýarlar


“Air France” kompaniýasy işgärleriniň iş taşlaýşy sebäpli reýsleriň ýarsyny şu gün ýatyrmagy mümkin. Profsoýuzlaryň karary boýunça iş taşlaýyş dört gün dowam eder.

Hepdäniň duşenbe güni reýsleriň dörtden üç bölegini ýerine ýetirmek awiakompaniýa başartdy.

Taýýarlanýan iş taşlaýyş barasynda iş berijilere bärsinden 48 sagat öňünden habar bermäge awiakompaniýanyň işgärlerini borçly edýän kanun proýektine “Air France” kompaniýasynyň pilotlary hem ýerde işleýän personaly protest bildirýär. Profsoýuzlaryň pikiriçe, kanun proýekti işgärleriň hukugyny bozýar.

Kanun proýekti ýakynda fransuz parlamentiniň aşaky öýünde makullanyp, oňa häzir Senatda seredilýär.
XS
SM
MD
LG