Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu Abbasa: "Ýa Hamas bilen parahatçylyk ýa-da Ysraýyl bilen"


Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu radikal "Hamas" toparynyň wekilleri gatnaşýan bolsa, palestin hökümeti bilen ýaraşyk gepleşiklerini geçirmegiň mümkin däldigini aýtdy.

Ysraýyl premýeriniň sözlerine görä, şeýle hökümete ýolbaşçy bolmaga razylyk bermek bilen, Palestin awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas “parahatçylyga tarp ýoldan” çykypdyr.

Duşenbe güni Katarda bolan duşuşykda palestin bäsdeş toparlary "Fathyň" hem "Hamasyň" liderleri Mahmud Abbas we Halid Maşaal Abbasyň baştutanlygynda geçiş döwrüniň hökümetini düzmekde ylalaşyga geldiler.

Geçen ýylyň aprel aýynda iki toparyň arasynda milli ýaraşyk barada ylalaşyga gol çekilipdi. Şol dokumentiň şertlerine görä, şu ýylyň maý aýynda palestin territoriýasynda prezident we parlament saýlawlary geçirilmeli.

Katarda "Doha deklarasiýasy" diýlip atlandyrylýan ylalaşyga gol çekişilenden soň, Ysraýylyň premýeri Netanýahu "ýa Hamas bilen parahatçylygy, ýa-da Ysraýyl bilen parahatçylygy" saýlamalydygy barada Abbasa duýdurdy.

"Hamas" ýewreý döwleti bilen gepleşikleri inkär edýär. Ysraýyl bolsa bu guramany terror topary hasaplaýar.

Dört ýyl bäri "Hamas" Gaza sektoryny, Abbasyň hökümeti bolsa Iordan derýasynyň Günbatar kenaryndaky territoriýany dolandyrýar.

Bu aralykda, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Palestin awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbasy Ysraýyl bilen gepleşiklerden çekilmezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG