Sepleriň elýeterliligi

Eýranly blogger 10 ýyl tussaglyga höküm edildi


Duşenbe güni Eýranda belli blogger Mehdi Hazali 13 ýyl 10 aý türme tussaglygyna hem 10 ýyl sürgüne höküm edildi.

Käri boýunça göz lukmany Hazali internetdäki öz blogunda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň syýasatyny ýiti tankytlady. Blogger bir aý mundan öň tussag edilip, ol häzir türmede açlyk çekýär.

Duşenbe güni şeýle-de Britaniýanyň BBC teleradiokorporasiýasy üçin informasion materiallar taýýarlamakda güman edilýän birnäçe adamyň Eýranda tussag edilendigi belli boldy. Ýöne BBC Eýranda ştatdaky ýa ştatdan daşary habarçysynyň ýokdugyny mälim etdi.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk Eýranda yzarlanýar, çünki eýran häkimiýetleri olary razwedka hem ýykgynçylyk işlerinde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG