Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür häkimiýetleri sud ediljekleriň sanawyny çap etdi


Müsür häkimiýetleri bikanun iş alyp barmakda aýyplanýan, hökümete degişli däl, daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän guramalaryň suda çekiljek işgärleriniň sanawyny çap etdi. Şol sanawda 29 adamyň ady bolup, olaryň 19-sy ABŞ-nyň raýaty, 14-si müsürli.

Günä bildirilýän daşary ýurtlularyň köpüsi Müsüri terk etdi. Ýöne bäş amerikaly we iki germaniýaly galdy. Şolaryň arasynda ABŞ-nyň transport ministrinin ogly Sem La Hud bar. Ol Halkara respublika instituty guramasynyň Müsür bölümine ýolbaşçylyk edýär. Şübhe bildirilýän nemesler Konrad Adenauer Fondunda işleýärler.

Başlanmagy çak edilýän sud prosesiniň geçiriljek wagty häzirlikçe näbelli bolup galýar. Eger hökümete degişli däl guramalary yzarlamak bes edilmese, müsür armiýasyna her ýyl berilýän 1 milliard 300 million dollar kömegiň doňdurylmagynyň mümkindigini ABŞ duýdurdy.
XS
SM
MD
LG