Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-inde daşary ýurt žurnalistleri üçin brifing geçirildi


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde akkreditasiýa edilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin prezident saýlawlaryna bagyşlanan brifing boldy.

Brifinge “Assoşýeýted press”, NCA, “Roýter”, “Frans-Pres”, “Sinhua”, “Pakistan Press Network”, “RIA Nowosti”, “Jihan”, “Anadoly” agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Žurnalistlere saýlawlar kampaniýasynyň gidişi barada giňişleýin informasiýa berildi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG