Sepleriň elýeterliligi

Siriýada “duşmanymyň duşmany dostumdyr”


Siriýadaky protestlerde Çeçen Respublikasy Içkeriýanyň baýdagy hem galgadyldy.

Siriýadaky protestlerde Çeçen Respublikasy Içkeriýanyň baýdagy hem galgadyldy.

Siriýada hökümete garşy proteste çykanlar prezident Başar al-Assadyň režimini ýazgarmak barada BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde sese goýlan rezolýusiýa Orsýetiň we Hytaýyň weto goýmagyna gahar etdiler.

Ras al-Aýnda geçirilen demonstrasiýalarda Siriýanyň adaty baýdaklary bilen birlikde Çeçen Respublikasy Içkeriýanyň baýdagy hem galgadyldy. Onuň hökümeti 1990-njy ýyllarda Moskwa bilen iki söweşi başdan geçiripdi, ol ýerdäki pitneçilik hereketleri bolsa häzirem dowam edýär.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde weto goýlan rezolýusiýanyň taslamasy Arap Ligasyna agza döwletler tarapyndan taýýarlanyp, Marokka tarapyndan hödürlenipdi. Arap Ligasynyň synçylary Siriýanyň goşunlarynyň ýaragsyz protestçileri snaýperler bilen öldürişine şaýat bolupdylar.

Aral Ligasynyň plany Assadyň wezipesinden çekilmegine we saýlawlar geçirilýänçä onuň ýerine orunbasarynyň getirilmegine çagyryş edýärdi. Orsýet bu rezolýusiýanyň Siriýadaky adam ýitgileri babatda Assadyň režiminiň üstüne çenden aşa köp günä ýükleýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG