Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda howpsuzlyk işgäri bäş adamy atyp öldürdi


Owganystanyň günortasyndaky Kandagar şäherinde hususy howpsuzlyk edarasynyň işgäri üç sany öz işgärini we iki sany owgan polisiýa işgärini atyp öldürdi. Atyşykda edaranyň bäş sany işgäri ýaralandy. Bu barada şu gün Kandagar welaýatynyň ýerli häkimiýetleri habar berdiler.

Duşenbe güni giçlik bolan bu waka barada goşmaça maglumat gowuşmady.

Şu ýylyň 20-nji martyndan başlap, hususy howpsuzlyk edaralarynyň işini ýatyrmak barada owgan hökümeti karar kabul etdi. Olaryň howpsuzlygy goramak boýunça ýerine ýetirýän işleri döwlet edaralarynyň jogapkärçiligine geçiriler.
XS
SM
MD
LG