Sepleriň elýeterliligi

Gark bolan gäminiň kapitany öý tussaglygynda


Gark bolan “Costa Concordia” syýahat gämisi

Gark bolan “Costa Concordia” syýahat gämisi

Italiýanyň sudy gark bolan “Costa Concordia” syýahat gämisiniň kapitanyny öý tussaglygynda galdyrdy. 13-nji ýanwarda bolan şol betbagtçylykda bärsinden 17 adam heläk bolupdy.

Kapitan Françesko Skettino heläkçiligiň ertesi tussag edilipdi. Ony adam pidalarynda, ýolagçylaryň ählisi gämiden çykarylmanka, iş ýerini terk etmekde aýyplaýarlar.

Geçen hepde häkimiýetler heläk bolanlaryň jesedini gözlemek işiniň tamamlanandygyny yglan etdiler. Ýene 15 adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

Halas edijiler, ekologik betbagtçylygň öňüni almak üçin, gark bolan gämidäki ýangyjy çykaryp almak işini dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG