Sepleriň elýeterliligi

Gorbaçýow Putini wezipeden çekilmäge çagyrdy


Mihail Gorbaçýow (çepde) we Wladimir Putin

Mihail Gorbaçýow (çepde) we Wladimir Putin

SSSR-iň ilkinji we iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýow Wladimir Putin wezipeden çekilse, gowy bolar diýip hasap edýär.

Gorbaçýow öten agşam “Dožd” (“Ýagyş”) telekanalynda çykyş edip, Putin döwründe döredilen döwleti dolandyryş sistemasyny çalyşmagyň gerekdigini, hut şuny “Adalatly saýlawlar ugrunda” atly aksiýa gatnaşyjylaryň talap edýändiklerini aýtdy.

Mihail Gorbaçýowyň pikiriçe, “Ýabloko” partiýasyny esaslandyryjylaryň biri Grigoriý Ýawlinskini Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlige kandidat hökmünde resmileşdirmelidi.

Çarşenbe güni Orsýetiň ýokary sudy Grigoriý Ýawlinskiniň Merkezi saýlaw komissiýasynyň üstünden eden şikaýatyna sereder.
XS
SM
MD
LG