Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada siriýa oppozisiýasyny yzarlaýan iki adam saklandy


Polisiýa ofiseri Siriýanyň Berlindäki ilçihanasynyň öňünde, 7-nji fewral.

Polisiýa ofiseri Siriýanyň Berlindäki ilçihanasynyň öňünde, 7-nji fewral.

Sişenbe güni Germaniýanyň polisiýasy Germaniýada işleýän siriýa oppozisiýasynyň alyp barýan işini yzarlamakda güman edilýän iki adamy saklady.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Siriýanyň Berlindäki ilçisini ýanyna çagyryp, beýle hereketiň ýol bererlik däldigini aýtdy.

—Germaniýada ýaşaýan siriýa oppozisiýasynyň wekillerine gysyşlara çydam etmeýändigimizi, olary tapmak ugrundaky synanyşyklaryň bikanundygyny siriýa häkimiýetlerine ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris. Şu maksat bilen men Siriýanyn ilçisini ýanyma çagyrdym—diýip, Westerwelle aýtdy.

Prokuraturanyň maglumatyna görä, tussag edilenler 34 ýaşly Siriýa graždany we 47 ýaşly Germaniýanyň hem Liwanyň goşa raýatlygy bolan adam. Olaryň birnäçe ýyllap siriýaly oppozisiýaonerleri yzarlandygy güman edilýär.
XS
SM
MD
LG