Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada partiýa liderleri bilen duşuşyk geçiriler


Gresiýanyň premýer-ministri Lukas Papadimosyň dolandyryjy koalisiýa girýän partiýalaryň liderleri bilen halkara kredit berijileriň şertlerini maslahatlaşmak üçin duşuşygy çarşenbe güni geçiriler.

Papadimosa goýlan şertleriň kabul edilmegini gazanmak gerek. Olaryň arasynda döwlet çykdajylaryny azaltmaga gönükdirilen täze reformalar, býujete üýtgetmeler girizmek ýaly çäreler bar.

Sişenbe güni Gresiýada halkara talaplarynyň garşysyna protest hökmünde ählumumy iş taşlaýyş boldy.

Eger ÝB-den we Halkara pul gaznasyndan 130 milliard ýewro möçberinde täze kredit alyp bilmese, Gresiýa 20-nji martda batandygyny yglan etmeli bolar.
XS
SM
MD
LG