Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa futbol çempionatynyň binalarynyň 90%-i taýýar


Warşawanyň milli stadiony

Warşawanyň milli stadiony

Şu ýyl tomus futbol boýunça Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin zerur bolan obýektleriň 90%-niň taýýardygyny Polşa häkimiýetleri habar berdi.

Hususan-da ýurduň paýtagty Warşawada 83 obýektiň 75-siniň gurluşygy ýa durkuny üýtgetmek işleri tamamlandy ýa-da tamamlanyp barýar. Olar stadionlar, myhmanhanalar we ýol infrastrukturasydyr.

Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorskiý çarşenbe güni Kiýewe ugraýar. Ol şol ýerde ukrain kärdeşi Konstantin Grişenko bilen Ukrainada çempionata görülýän taýýarlygyň gidişini maslahat eder.

Şu gezekki Ýewropa çempionaty Polşada we Ukrainada geçiriler.
XS
SM
MD
LG