Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda sekiz söweşiji öldürildi, ikisi ýaralandy


Pakistanyň demirgazyk-gündogarynda pilotsyz uçaryň uran zarbasyndan azyndan sekiz adam ölüp, ikisi ýaralandy.

Şol uçaryň amerikan uçarydygy çak edilýär.

Çarşenbe güni irden iki raketa Demirgazyk Weziristan regionynyň merkezi Miranşahdan uzak bolmadyk Tappi obasyndaky jaýa atyldy. Bu ýerde ýaragly yslamçylaryň daýanç nokady ýerleşýär.

Pakistanyň ýörite gulluklarynyň maglumatyna görä, ölenler söweşijiler.
XS
SM
MD
LG