Sepleriň elýeterliligi

Siriýa goşuny Homsda sünnüleriň ýaşaýan raýonlaryna hüjüm edýär


Çarşenbe güni Siriýa hökümetiniň harby güýçleriniň ýurduň merkezi şäherleriniň biri Homsuň ýaşaýyş kwartallaryna hüjümini ýygjamlaşdyrandygy habar berilýär.

Maglumatlara görä, harbylar şäheriň sünnüleriniň ýaşaýan birnäçe raýonyny nyşana alypdyrlar.

Şäheriň sünni jemgyýetçiligi 11 ýyllap häkimiýet başyndaky Başar al-Assada garşylyk görkezip gelýär.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça merkeziniň maglumatyna görä, şäheriň topa tutulan ýerlerinde onlarça adam ölüpdir.

Ýaşaýjylaryň garşysyna alnyp barylýan täze hüjümler prezident Başar al-Assadyň režimini çetleşdirmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallasynyň güýjeýän wagtynda ýüz berýär.

AP-niň maglumatyna görä, Ýewropanyň bäş we Pars aýlagynyň alty döwleti Damaskdan öz ilçilerini yzyna çagyrdy. ABŞ bolsa Siriýadaky ilçihanasyny ýapdy.
XS
SM
MD
LG