Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýada partiýalar tygşytlaýyş boýunça gepleşik geçirýärler


Gresiýanyň häkimiýet başyndaky kaolisiýasynyň liderleri tygşytlaýyş boýunça ykdysady çäreleri geçirmekde karara gelmek üçin goşmaça maslahat geçirýärler.

Ýewropa Bileleşiginden we Halkara pul gaznasyndan 130 milliard ýewrolyk täze krediti almak üçin hut grek syýasatçylarynyň özara ylalaşygy şert bolup durýar.

Maglumatlara görä, Gresiýanyň premýer-ministri Lukas Papadimos halkara kreditorlar bilen ylalaşyk baradaky taslama iň soňky üýtgetmeleri girizipdir. Onda minimal aýlyk haklaryny, pensiýalary 20% peseltmek we 15 müň gullukçyny işden boşatmak teklip edilýär.

Sişenbe güni Gresiýada halkara talaplara garşylyk görkezilip, ählumumy iş taşlaýyş geçirildi. Bu iş taşlaýyşda Afinada 20 müň adam tygşytlama garşy ýörişe çykdy.
XS
SM
MD
LG